Hususy uçarda syýahat etmek üçin gerekli resminamalar

Hususy uçary kireýine almak – bu ýönekeý söwda awiakompaniýasynyň laýnerinde uçanyňdan düýpgöter başga tejribe. Aviav TM (Cofrance SARL) hyzmatlary ýörite biziň müşderilerimiziň rahatlygy we oňaýlylygy üçin işlenip düzülendir, olaryň ählisi syýahat doly derejede netijeli, tiz we ýakymly bolmagy üçin döredilendir.

Işewürlik awiasiýasy öz içine resminalaryň amatly taýýarlanylyşyny we howa menziline rahat transferi, ýeňilleşdirilen migrasiýa iş tertiplerini, uly göwrümli ýüküň päsgelçiliksiz äkidilmegini we salonda jandarlaryň bolmagyny öz içine alýar. Biziň müşderilerimiziň köplenç halatda berýän soraglaryna biz bu ýerde jogaplaryny berýäris.

Haçan-da siz işewür-jetde syýahat etmek barada ähli maglumatlary bileniňizde, size diňe hiç hili nogsansyz uçuşdan lezzet almak galýar.

 

Howa menziline näçe wagt öňünden barmaly?

Eger siz hususy uçarda syýahat edýän bolsaňyz, onda howa menziline uçuşdan birnäçe sagat öň barmak wajyplygy ýok. Käbir howa menzilleri beýlekilere garanyňda işewür syýahatçylary ýerleşdirmek üçin has gowy enjamlaşdyrylandyrlar. Gonuşa 5-30 minut aralygy gidýär (ähli howpsuzlyk iş tertipleriniň ýerine ýetirilmegini öz içine alýar).

Aviav TM (Cofrance SARL)-daky siziň şahsy maslahatçyňyz, howa menzilinden we siziň gatnawyňyzdan garaşsyz, resminamalyk iş tertiplerini geçmek üçin gerek bolan anyk wagty aýdar.

Hususy uçarda uçuş üçin ulag serişdesi gerek bolarmy?

Siziň hususy jetde, söwda awiakompaniýasynyň uçarynda, otluda ýa-da awtoulagda syýahat edýändigiňizden garaşsyz, immigrasiýa düzgünleri üýtgewsiz galýandyrlar. Meselem, fransuzlar öz milli şahsyýetnamalary bilen Şengen zolagynyň çäklerinde syýahat edip bilýärler. Emma welin, ruslara Ýewropa syýahat etmek üçin hökmany ýagdaýda biometrik pasport we wiza gerek bolar.

 

Hususy uçarda syýahat etmek üçin maňa wiza gerekmi?

Islendik söwda gatnawynyň ýagdaýynda bolşy ýaly, hususy uçarda geljekki syýahatyňyzy meýilleşdireniňizde immigrasiýa meýilnama iş tertipleri barada unutmaň. Daşary döwletleriň çägine girilende goýulýan düzgünleriň biri hem gerek bolan ýagdaýynda wizany almakdyr. Cofrance SARL kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bökdençsiz syýahat etmek üçin gerekli iş tertipleri barada maslahatlaşyň.

 

Men haçan öz pasportymy görkezmeli ýa-da onuň nusgasyny ugratmaly?

Haçan-da siz hususy uçarda gatnawy buýranyňyzda Aviav TM (Cofrance SARL) işgäri uçuşdan öň her bir ýolagçynyň pasportynyň (ýa-da beýleki gerekli bolan şahsyýetnamanyň) nusgasyny ugratmagyňyzy haýyş edýär. Bu Aviav TM kompaniýasyna we operatora ýolagçylar barada anyk we jikme-jik sanawnamany düzmäge kömek edýär. Bu sanawnama migrasiýa gulluklary, uçaryň ekipažy we terminal tarapyndan ulanylýan resminamadyr.

Fransiýanyň we Şengen zolagynyň içki gatnawlarynda sanawnamanyň bolmagy immigrasiýa maglumatyny öňünden ugradyp howa menzilindäki barlaglardan sowlup geçmäge mümkinçilik döredýär. Bu administratiw iş tertiplerini ýeňilleşdirýär we ýolagçylaryň wagtyny tygşytlaýar.

Muňa garamazdan, syýahata gideniňizde öz migrasiýa resminamalaryňyzy almak hökmanydyr, sebäbi polisiýa we gümrük gulluklary islendik wagt sizden şahsyýetiňizi güwälendirmegi sorap bilerler. Hususy uçarlaryň halkara gatnawlarynda häkimýet howa menzilinde öz şahsyýetnamaňyzy görkezmegiňizi sorarlar.

Öz ýüküňi skan barlagyndan we beýlekilerden geçirmelimi?

Beýleki söwda uçuşlarynda bolşy ýaly, siziň ýüküňiz rentgen barlag iş tertiplerinden geçmeli. Ýöne welin, uly angarlar we uzyn nobatlary ýatdan çykaryň. Howpsuzlyk iş tertiplerine geçişlik uly tizlik bilen ýerine ýetirilýär. Işewürlik terminallary hususy uçarda syýahaty tiz we netijeli geçirmek üçin niýetlenendirler. Käbir howa menzilleri siziň ýüküňizi skan barlagyndan sowlup geçmäge mümkinçilik döredýärler. Meselem, Kannydaky howa duralgasy uçuş şengen zolagynda amala aşyrylmaly düzgüni bilen, agramy 15 tonnadan ýeňil (meselem, Citation XLS + или Learjet 70) uçarlarda syýahat edýänlere öz howa gämilerine howpsuzlyk iş tertiplerini geçirmezden, göni ygtyýary berýärler. Terks we Kaýkos terminallary ýolagçylary we ýüki uçardan pasport gözegçiligine eltmek üçin uly bolmadyk golf-awtoulaglaryny hödürleýärler.

 

Men uçara bolan öz petegimi görkezmelimi?

Hususy uçarda uçmak üçin size petek gerek bolmaz.

Haçanda-da siz Aviav TM hususy uçary bron edeniňizde, siz uçary tutuşlygyna kireýine alýarsyňyz, bu bolsa salonda siziň belli bir ýeriňiziň bolmajagyny aňladýar. Diýmek size petek hem gerek däl. Siziň ähli etmeli zadyňyz diňe howa menziline geläýmeli. Siziň uçarmanlaryňyz sizi şahsy terminalda garşylarlar we siziň ýüküňizi uçara çenli alyp giderler.

Biziň toparymyz size syýahaty gurnamak üçin gerek bolan ähli maglumatlary, ýagny marşrudy, gün tertibini, howa menziline ýollanmany hat-da uçaryň hasaba alyş belgisini we uçarmanlaryň atlaryny saklaýan meýilnamany elektron poçtasynyň üsti bilen ibererler.

 

Meniň itime ýa-da pişigime pasport gerek bolarmy?

Edil adamlar ýaly, öý jandarlaryň hem öz pasportlary bolýar!

Siziň bilen syýahat etmek üçin, siziň dörtaýaklyja “gürrüňdeşiňiziň” pasporty we syýahatyň senelerinde hereket etjek lukmançylyk kitaby gerek. Ýöne käbir ýurtlarda aýratyn düzgünleriň hereket edýändigini bellemek zerurdyr. Beýik Britaniýa syýahat etmek üçin, siziň öý jandaryňyza guduzlyga garşy sanjym edilen bolmalydyr.

Sizde ýene soraglar galdymy? Aviav TM topary size maslahat bermek üçin elmydama aragatnaşykdadyrlar. Biziň bilen Internet ýa-da telefon arkaly habarlaşyň.

Biz size Aviav TM (Cofrance SARL) bilen bilelikde ýakymly howa syýahatlaryny we ruhubelentligi arzuw edýärin!

 

AVIA APP