Howa menzilinde ýitirilen wagt we minutlary “guýrugyndan” tutmak

Howa syýahatlary köplenç halatlarda ýitirilen wagt bilen baglanyşyklydyr. Olar howa menziline birnäçe sagat öňünden barmakdan, hasaba alyş we ýüki resminamalaşdyrmak üçin uzyn nobatda durmakdan we ahyrsoňunda-da gatnaw reýsine gonuş bildirişine garaşmakdan ybaratdyr.

Emma işewürlik-awiasiýasy öz müşderilerine düýbünden başgaça şertleri hödürleýärler.

Köp adamlaryň hususy uçarlar – bu diňe rahatlyk we kaşaňlyk diýip pikir edýändiklerine garamazdan, biziň müşderilerimiziň aglabasy işewürlik-awiasiýasyny wagtlaryny tygşytlamak we ýokary netijeli syýahat etmek üçin saýlaýarlar.

Howa menzilinde wagt ýitirmäge birnäçe sebäpler bar we beýle togtamalardan gaça durmak üçin şonça-da optimal çykalgalary işewürlik-awiasiýasy hödürleýär.

Nobatlar

Awiakompaniýalar we howa menzilleri öz ýolagçylaryna uçuşdan iki sagat öň gelmegi maslahat berýärler, syýahatçy bolsa has köp wagtyny garaşmak bilen ýitirýär ( has hem uzak gatnawlarda ýa-da ýüki hasaba almaly bolanda).

Howa menzilinde howpsuzlyk gulluklarynyň barlagynda näçe wagt geçiriljekdigini öňünden aýtmak örän kyn. Käbir ýagdaýlarda garaşmak hökman hem bolmaýar, käwagt bolsa syýahatçy öz gymmatly wagtynyň bir sagadyny ýitirýär. Hatda barlag tamamlanan hem bolsa, siz şonda-da terminalda gonuşa çykyş belgisini we uçuş gatnawyny bilmek üçin gümrük gullugynda nobata durmaly bolarsyňyz.

  • Iş awiasiýasy siziň wagtyňyzy nähili tygşytlaýar?

Haçan-da siz hususy uçar bilen syýahat edeniňizde, howpsuzlyk barlagyny geçýäniňizden habaryňyz hem bolmaz. Sizi geleniňizde garşylaýarlar we sürüji sizi howa menziline ýa-da işewürlik terminalyna çenli awtoulagda alyp gider, ol ýerde bolsa sizi maksimal rahat hyzmatlar bilen üpjün ederler. Umumy aýdylanda, Aviav TM (Cofrance SARL)-da biz syýahatçylara 15 minut öňünden gelmegi maslahat berýäris.

Münüp-düşmeler

Planetadaky howa marşrutlarynyň ählisi awiakompaniýalaryň göni gatnawlary arkaly amala aşyrylmaýar. Käbir howa menzilleri awialaýnerleriň gonmaklary üçin has kiçi göwrümli ýa-da juda izolirlenen bolýarlar. Munuň bilen baglylykda, awiakompaniýalar öz müşderilerine sepleşik gatnawlary hödürlemek bilen has ulurak şäherlere gonýarlar. Has hem bu meşhur bolmadyk ýollanmalara degişlidir. Münüp-düşmek üçin size tutuş şäheriň içinden tranzit gerek, bu bolsa ýola sarp edilen wagtyň möçberini artdyrýar. Käwagt howpsuzlyk we gümrük barlaglaryny ikinji gezek hem geçmeli bolýar, käwagt bolsa gatnawlar aralygy birnäçe sagat tertibinde uçýarlar.

  • Iş awiasiýasy siziň wagtyňyzy nähili tygşytlaýar?

Hususy gatnawyň uly aýratynlyklarynyň biri hem, onuň doly derejede şahsylaşdyrylandygydyr. Siz işewür-jetiň görnüşini, marşruty we uçuşyň wagtyny aýdýarsyňyz. Awialaýnerlerden kiçi bolam käbir uçarlar, barylmaly nokatdan uzak bolmadyk kiçiräk howa menzillerinde, hatda aerodromlarda hem gonmaga ukyplydyrlar.

Howa menziline ýol

Uly şäherleriň aglabasynda howa menzili bar, ýerli häkimiýet bolsa howa duralgasyna ygtyýarlygyň ýeňilleşdirilmesi üçin ähli zatlary edýärler. Ýöne ugramak nokadyndan howa menziline transfer syýahatyň wajyp bölegi hasaplanylýar.

Käbir howa menzilleri şäherden uzakda ýerleşýärler, awiakompaniýalaryň köpüsi bolsa uçuş howa menzilini saýlamaga mümkinçilik bermeýärler (bir şäherde birnäçe howa menzili bolan ýagdaýynda). Ýoldaky hereket hem örän wajypdyr, käwagt bolsa awtoulag dyknyşyklarynyň bolup biljekdigini öňünden aýtmak kyn – bu hem wagt ýitirmäge mejbur edýär.

  • Iş awiasiýasy siziň wagtyňyzy nähili tygşytlaýar?

Käwagt işewürlik howa menzilleri şäheriň merkezine golaý ýerleşýärler. Bu Manhettenden 19 km uzaklykda ýerleşýän Nýu-Ýork Teterborosyna degişli, JFK howa menzili bolsa bary ýogy ondan 2 km uzaklykda ýerleşýär. Alp howa menzilleriniň hem aglabasy diňe hususy uçarlar üçin ygtyýarlydyr, meselem Şamberi, Sion, Samedan-Sankt-Moris ýa-da Walle-d’Aosta. Lyžada typmak möwsüminde köp syýahatçylar dag ýollaryndan gitmegi däl-de dag eteklerinde gonmagy saýlaýarlar.

Işewürlik howa menziliniň şäherden uzakda ýerleşýän ýagdaýynda hem uly howa duralgalaryndan/na uçuş ýa-da gonuşdan daşda durmak mümkinçiligi möwsüm bilen baglanyşykly ýokary iş tertibinden sowlup geçmäge kömek edýär.

Siziň syýahatyňyzyň marşrudyna we çäklendirmelerine garamazdan Aviav TM (Cofrance SARL) hünärmenleri siziň uçuşyňyz optimizlernmegi üçin howa menzilini maslahat bererler we hususy işewürlik jetini kireýine almak düzgünlerini jikme-jik düşündirerler.

Iş awiasiýasy hakda has köp bilmek isleýän bolsaňyz, ýa-da şahsy bahalandyrylma isleg bildirýän, biziň bilen Internet ýa-da telefon arkaly habarlaşyň.

с Aviav TM (Cofrance SARL) bilen syýahatyň dowamynda wagtyňyzy tygşytly sarp ediň!

AVIA APP