Şahsy uçardan gowy näme bolup bilerkä? Bolup biler, eger-de ol siziň jübiňizde bolsa!

Ýewropanyň öňdebaryjy dellaly bilen şeýle täsinlkler hem mümkindir. Munuň üçin, AppStore-dan  AVIA çarter gollanmasyny alyp, ulanyp başlamak ýeterlikdir. Buýurmak, islegiňize görä islendik uçary saýlamak, meýilleşdirýän ugruňyza degişli howa maglumatyny bilmek – Confrance SARL-yň täze akylly gollanmasy bilen bu zatlar mümkindir.

AVIA çarter gollanmasyndan peýdalanmagyň artykmaçlyklary

Biziň toparymyzyň netijeli işiniň we häzirkizaman taslamalarynyň esasynda müşderilerimiz:

  • Dünýäniň islendik nokadyna uçar buýurmak,
  • Artykmaç jaň etmezden we daşyndan kömek almazdan özbaşdak ýüz tutmak,
  • Goşmaça maglumat gözlemezden, düşünmesi aňsat ýagdaýda gerekli häsiýetler boýunça biznes-uçaryny saýlamak,
  • Hyzmatlar bazarynda özlerini iň gowy tarapdan görkezen: Bombardier, Embraer, Sukhoi Superjet, Fokker, Cessna, Dassault aviation, Gulfstream, Beechcraft uçarlaryň häzirkizaman kysymlaryny saýlap seçmek,

Самолет в кармане

  • Ähli howa gämileriniň tehniki taýdan guratlylygyna ynamly bolup, bortuň toparynyň tejribeli kömegine bil baglap bilersiňiz. AVIAV TM (Confrance SARL) diňe ygtybarly hyzmat üpjün edijiler bilen işleşýär.
  • Goşmaça gerekli hyzmatlary buýurmak: howa menziline ýa-da menzilinden transfer, howa taksisine çenli, uçaryň bortunda keýtering – söýgüli restoranyňyzdan iýip-içgileriň buýurmasy, belli bir senä işewür-jetiň bezegi, iş saparynyň dowamynda oňaýly ýaşaýyş jaýynyň kireýi, ýolbelediň hyzmaty, bulutlaryň üstünde terjimeçi.

Meýilleşdirilen howa syýahatynyň dowamynda howa şertleriniň gözegçiligi – “akylly” gollanma iň amatly marşrudy gurnamaga, atmosferadaky turbulentlik we meteorologik üýtgeşmeleri  öňünden duýdurmaga mümkinçilik berer. AVIA çarter hat-da töwekgel dällere hem uçuş etmäge ýardam berýär, sebäbi müşderi häzirki wagtyň dowamynda bortuň daşyny gözegçilikde saklap bilýär – meselem howa we temperatura. Onuň daşyndan hem, bortdaky uçarmanlar gepleşige açykdyrlar we öz işi barada aýdyp bererler – edil häzir nähili işler amala aşyrylýar we näçe wagtdan gonuşa gidiler. Köpçülik awiakompaniýalarynyň reýslerinde howpsuzlyk kadalaryny ýerine ýetirmek bilen ýolagçylardan ýapyk bolýarlar. AVIAV TM (Confrance SARL)  gepleşigiň erkinligini we müşderileriň howpsuzlygyny nygtaýar.

 

AVIA çarter gollanmasynyň mümkinçilikleri

AVIA çarter telefon gollanmasy size uçary jübiňizden çykarmana mümkinçilik döredýär. Bu edil iPhone çykaryşyňyz ýaly aňsatdyr.

  • Menýuda ýörite punkt – Buýurmak saýlamaly,
  • Uçuşyň punktyny we gonuş howa menzilini görkezmeli,
  • Howa gämisiniň gerek senesi we wagty.

Eger siz uçaryň size gerekli kysymyny bilýän bolsaňyz, onda ony sanawdan saýlamak ýeterlikdir. Eger siz syýahata nähili uçaryň gerekdigini bilmeýän bolsaňyz, onda ony uçaryň häsiýetlerine görä saýlap, ýa-da AVIAV TM (Confrance SARL)  kompaniýasynyň menejeriniň jaňyny buýrup bilersiňiz, ol sizi gerekli maglumat bilen üpjün eder.

Самолет в кармане

Şahsy jeti buýranyňyzdan soň ýeke etmeli zadyňyz bu VIP-terminalyna uçuşdan 15 minut öň gelmelidigiňiz, gözegçilige degişli proseduralary geçmegiňiz we uçaryň bortunda amatly ornaşmagyňyzdyr.

AVIAV TM (Confrance SARL) döwür bilen aýakdaş gitmek bilen öz müşderilerine amatly we ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär. Bu gün iş awiasiýasy güýçli depginde özgerip, häzirkizaman tehnologiýalaryny we şowly dellalaryň kömeginden peýdalanýar. AVIA çarteriň kömegi bilen uçary birnäçe basgançaklarda buýrup bolar. Soragyň dowamynda dünýäniň ýüzündäki ähli howa gämileriniň sanawyny görüp bilersiňiz – berlen kriteriýalar boýunça düýbünden garaşsyz saýlaw edip bilersiňiz.

AVIA çarter – amatly, sada, ygtybarly, häzirkizaman!